Erkin gaçma tizlenmesi

testwiki saýtyndan
Nawigasiýa geçiň Gözleg geçiň

Erkin gaçma. Erkin gaçma tizlenmesi

Jisimleriñ dine agyrlyk güýjiniñ täsiri astyndaky hereketine erkin gaçma diýilýär. Erkin gaçma gönüçyzykly deñ tizlenýän hereketdir. Onuñ tizlenmesi g harpy bilen belgilenýär. Erkin gaçma tizlenmesiniñ orta bahasynyñ ululygy g= 9,80665 m/ s2 deñdir, ýöne köplenç g = 9,8 m/ s2 diýip alynýar. Ýeriñ polýuslarynda ol 9,83 ekwatorda 9,78 m/ s2 –dyr. g-niñ bahasy Aýda 1,62, Wenerada 8,69 m/ s2, Günde 274 m/ s2 we ş.m. 1.Islendik wagt pursatynde jisimiñ tizligi

v=v0+gt

Eger-de jisim dynçlyk ýagdaýyndan erkin gaçma tizligine başlasa, onda t wagtdan soñky tizlik v=gt

2.Başlangyç tizligi υo bolan jisimiñ h aralygy geçenden soñky tizligi v=v02+2gh formula bilen añladylýar. Eger-de jisimiñ başlangyç pursatda tizligi nola deñ bolsa (v0=0), onda v=2gh bolar.

3.Erkin gaçýan jisimiñ t wagtynyñ dowamynda orun üýtgemesi h=v0t+gt22 formulanyñ kömegi bilen tapylýar. Dynçlyk ýagdaýyndan (v0=0) gaçmaga başlan jisim üçin h=gt22 wertikal zyñylan jisimiñ hereketi deñhaýallanýan hereketdir.
υ = υo – gt

v=v022gh

h=v0tgt22